Önelgesizlik Name?
ÖNELGESİZLİK NAME?
Önelgesizlik yada başga bir söz bilen aydylanda,infertilite ayallarda we erkeklerde saglyk sebapli çaganyn bolmazlygydyr. Lukmançylykda önelgesizlik jüwütlerin hiç
hili goranmazdan, bir yylyn dowamynda yzygiderli jynsy birlikdeligin dowamynda göwreli bolup bilmezligidir. Hazirki günde dürli hili derejelerde önelgesizlik sebapli
lukmana yüz tutan jüwütlerde, birnaçe görnüşli bejergiler bilen hassanyn bejergisi mümkindir. Yöne çaganyn bolmazlygynyn bütün sebapleri bejerilip bilinmeyar. Beyle
önelgesiliklere hakyky önelgesizlik, strerilite diyilyar. Ayal aybaşy kesilmesine(menepoza) 35 yaşdan son bolsa ir aybaşy kesilmesi, ayalyn rahiminin yada
yumurtalyklarynyn aperetsiya bilen alynmasy, azospery yaly ir sperma döredip bilmezligi yagdaylar muna nusga edilip görkezilip bilinyar.
Ayal we erkeklerde yüzre çykyan önelgesizlik sebabi munun bejerilmesi üçin in uly sebabinin yüze çykarylmasydyr. Bu ylmy işlerin netijesinde gözden gaçyrylan kabir
hassalyklar tebigy üytgeşmeler yüze çykyar. Ediljek bolyan bejergi muna göra seçilyar.
EMELİ YOLDAN GÖWRELİLİK BEJERGİSİNDEN ÖN ÜNÜS BERİLMELİ ZATLAR.
Çagalarynyn bolmasyny isleyan jüwütler, bu isleglerinin in gysga wagtda amala aşmasyny isleyarler. Bejergilerin derrew gutaryp çagalarynyn bolmasyny isleyarler.
Kabir jüwütler bu sabyrsyzlyklary bilen özlerinin kesellerinin anyklanmasyna garaşman derrew emeli yoldan göwrelilik bejergisini almak isleyarler.Gynansakda emeli
yoldan göwrelilik bejergisi uzyn wagtyn dowamynda bolyan bejergidir. Jüwütlerin sabyrly bolmasy gereklidir. Ka halatlarda emeli yoldan göwrelilik bejergisini alan
jüwütlerin sonradan öz-özünden hem göwreli bolup bilyarler. Yöne gynansakda kabir yagdaylarda jüwütlerin önelgesizligi bejerilip bilinmeyar.
Amerika Köpelmage Kömekçi Bejergisi Merkezinin beryan maglumatyna göra emeli yoldan göwrelilik bejergisinin başarnykly bolmasy 40(%) göterimdir.
Emeli yoldan göwrelilik bejergisine başlamazdan ön emeli yoldan göwrelilik bejergisini almak isleyan jüwütlere ilki bilen: ansat bejergi yollary bilen jüwütler
bejerilip biliner yaly bolsa ilki bilen şol bejergi usuly synalyp görülyar. Egerde erkekde sperma sebapli bir kesel yok bolsa, yumurtgalaryn funksiyalary hem gowy
bolsa, jüwütlere ilki bilen emeli yoldan göwrelilik bejergisi dalde başga bejergi usullary edilyar. Yumurtalary oyandyrma yaly has ansat bejergi usullary edilip
bilinyar.
Yumurta köpeltmek bejergisinin sebabi bolsa, adaty yagdayda ayalda birek sagdyn ve yetişen yumurta bar bolsa, bu yumurta sanyny köpeltmek bilen bejerilyar. Bu
yumurtalaryn köpelmesi üçin derman ka halatlarda derman ulanylyar, ka halatlarda bolsa sanjym bilen bejerilyar. Munun bilen birlikde yetişen yumurta sany köpeldilyar.
Wagtyn geçmegi bilen jynsy yakynlaşma bilen hem göwreli bolmasy garaşylyp biliner.
Boljak atanyn emeli yoldan göwrelilik bejergisinden ön ünüs bermeli zatlary:
– Emeli yoldan göwrelilik bejergisine başlamazdan ön, sonky iki ayyn dowamynda egerde erkek gyzdyryp agyr kesel geçiren bolsa muny lukmana aytmalydyr. Munyn sebabi
gyzgyn beryan keseller sperma erbet tasir etyar. Buda bejerga erbet tasir edip bilyar
– Genetikasynda irinli kesseller bar bolsa yada özi irinli keseli başyndan geçiren bolsa muny hem lukmana aytmalydyr. Jynsy keseller hem muna degişlidir. Kişi bu
temada lukman bilen çekinman gürleşmelidir.
– Egerde boljak ata bejergiden ön agyr sporta gidyan bolsa, bejerga başlamazdan in az üç ay önünden goymalydyr.
– Munun daşynda rahat ve bol eşik geyinmelidirler. Gysyp duryan içki eşiklerden gaça durmalydyrlar. Sonky üç ayda alkol we çilimden hem gaça durmalydyrlar.
Boljak enanin emeli yoldan göwrelilik bejergisinden ön ünüs bermeli zatlary:
– Enanin emeli yoldan göwrelilik bejergisinden ön hiç hili jynsy hassalygy bolmaly daldir . Egerde hassalygy bar bolsa muny lukmany bilen gürleşmelidir.
– Egerde agyr sport bilen meşgul bolyan bolsa, muny in az üç ay önünden goymalydyr.
– Bejergiden in az üç ay önünden alkol yada çilim yaly zyyanly zatlardan gaça durmalydyr.
– Mundan başgada ayalyn başga keseli bar bolsa yada derman ulanyan bolsa muny hem lukmana aytmalydyr.
– Bejergiden ön boljak ene has semiz yada has hor bolsa, enanin adaty agramyna yetmesi hökmandyr.